Buharest şäherinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Annaýew Rumynyýanyň medeniýet ministri L.Romaşkanun bilen duşuşdy.
7-nji martda bu ýurduň Medeniýet ministrliginde geçirilen gepleşikde geljekde bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin oňyn esas bolup durýan medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ikitaraplaýyn şertnamanyň ähmiýeti bellendi.
Taraplar medeni diplomatiýanyň çalt ösýän türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi, 2023-nji ýylyň 13 — 16-njy iýunynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Awaza — 2023» atly halkara tans we halk döredijiligi festiwalyna rumyn tarapynyň gatnaşmagy, Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň Eýranyň, Türkiýäniň we Hindistanyň ilçihanalary bilen bilelikde gurulmagy meýilleşdirilýän Nowruz baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara Rumyniýanyň Medeniýet ministriniň gatnaşmagy we iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli medeni aragatnaşygy gurmak ýaly meselelere üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini, türkmen şygryýetine bagyşlanan dabarany geçirmegi we medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy teklip etdi.