Soňky habarlar

Arhiw

GDA-nyň Synçylar topary Türkmenistan Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna gözegçilige girişdi

11:0009.03.2023
0
38720

Türkmenistanyň çakylygy boýunça 2023-nji ýylyň 8-nji martynda GDA-nyň Synçylar topary Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň taýýarlanylyşyna we geçirilişine gözegçilik etmek işine girişdi. Bu barada GDA-nyň resmi internet portalynda Synçylar toparynyň baş edarasy tarapyndan habar berildi.

Toparyň öz işine girişmeginiň çäginde GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow bilen Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy saýlaw edaralarynda saýlawlara taýýarlyk görmek üçin görülýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem Mejlisiň deputatlaryna dalaşgärleri hödürlemegiň we bellige almagyň jikme-jiklikleri barada durup geçdi.

Ilhom Nematow hem öz gezeginde parlament saýlawlaryna gözegçilik etmäge gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol saýlaw işiniň milli kanunçylyga laýyk gelýändigine obýektiw baha bermegi we olaryň erkin hem-de demokratik ýörelgelere laýyklykda geçmegine ýardam etmegi Toparyň esasy wezipeleriniň hatarynda görkezdi hem-de Toparyň öz wezipelerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň