Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow «Ýaşlara gutlag» atly aýdym döretdi

21:5908.03.2023
0
55539
Gurbanguly Berdimuhamedow «Ýaşlara gutlag» atly aýdym döretdi
Surat: tdh.gov.tm

Her bir işde türkmen halkyny, aýratyn-da, ýaşlary beýik maksatlara ruhlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurduň bagtyýar ýaşlaryna niýetlenen «Ýaşlara gutlag» atly aýdymy döretdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu aýdym ýurtda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan dabaralar bilen utgaşdy. Şol bir wagtyň özünde täze sungat eseri her bir ene-atanyň arzuwynyň amala aşýan pursatlarynyň waspyny ýetirdi.

Täze aýdym şu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen «Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar!» atly baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.

Täze şygryýet eseri göwün joşduryjy hoş owazly aýdym bolup ýaňlandy hem-de ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi.

Baýramçylyk şatlygyny artdyran täze aýdym dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden aýdymynda şeýle setirler bar:

Köňül kendim, ömre bendim,
Diňlegin sözlem!
Bagt diýen zat damja bolsa,
Ýaz ýagşa eziliň!
Söýgi besläp ýüreklerde,
Taryha ýazylyň!
Şirin sazym perdelerden saýladym saňa!

Seň dünýä inen günüň
Şol gün şeýle begendim.
Durman aý-günler aýlanýar,
Bu gün bagt toýuň!

Goý, adyňyz müň ýyllyk
Ýazsyn ýyldyzlar düzülip.
Tutup ellemde, şatlansam,
Götersem çowluk.

Belent sakla abraýyň,
Mähriban oglum!
Ädim-ädim durmuş ýola
Uzaýar ýoluň.

Mähir nurun saçsyn ýola,
Seň söýen gülüň.
Ýürek sözlem bir beýanyn
Sözledim saňa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň