Top.Mail.Ru

Arhiw

Rus diline täze üç söz girizildi

16:4208.03.2023
0
38654
Rus diline täze üç söz girizildi
Surat: МТРК «МИР» / Алан Кациев

Rus diline täze üç sözi resmi taýdan girizdiler, ýagny kopter, poçtomat, fotowideofiksasiýa (коптер, почтомат, фотовидеофиксация) sözleri indi sözlükde orun aldy diýip, «Westi» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Bu sözler söhbetdeşliklerde köp agzalýar, indi olar ýurduň Winogradow adyndaky rus dili institutynyň sözlügine-de girizildi. Dilde täze sözler hemişe peýda bolýar, emma olary köplenç dürs ulanmaýarlar. Şonda ýörite edaralara kadalary sazlaşdyrmak gerek bolýar.

Rus dilindäki özgerişlikler bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Winogradow adyndaky insitituty is salyşýar. Ol ýerde täze sözleri orfografik sözlüklerde hasaba almak meseleleri boýunça karar kabul edilýär.

Geçen 2022-nji ýylda rus dilinde 207 sany täze söz peýda boldy, olaryň köpüsi pandemiýa döwründe ulanyşa girdi. Muňa sosial ulgamlar hem täsir edýär, mysal üçin, wideobloger, telegram-kanal (видеоблогер, телеграм-канал) ýaly onlarça sözler internetiň täsiri bilen dile aralaşdy, indi olar rus diliniň resmi berkidilen sözleri hökmünde hasaba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň