Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisiň Başlygy Çiliniň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

22:0907.03.2023
0
29122

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Çili Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rodrigo Enrique Arcos Castrodan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Çili Respublikasynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli arzuwlar hem-de türkmen topragynda mähirli garşylanylandygy üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Diplomat parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda Çili Respublikasynyň wekili bolmagyň uly mertebedigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda Çili Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanynyň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri, şeýle-de iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Şeýle-de diplomat türkmen parlamentiniň gurluşy we köptaraply işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň