Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Ýewraziýa milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

18:0507.03.2023
0
41545
Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Ýewraziýa milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
Surat: Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň rektory Ýerlan Sydykow bilen duşuşdy. Bu barada türkmen diplomatik bölümi sosial ulgamdaky resmi sahypasynda habar berdi.

Duşuşykda Rejepow hem-de Sydykow bilim we ylym babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar «ýaşyl wodorod» öndürmek boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk meselelerine-de degip geçdiler we maglumat tehnologiýasy pudagynda işgärleri taýýarlamagyň möhümdigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň