Turkmenportal logo
07.03.23
3664036640
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Hujand» Süleýman Muhadow bilen şertnama baglaşylandygyny resmi yglan etdi
«Hujand» Süleýman Muhadow bilen şertnama baglaşylandygyny resmi yglan etdi

Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadowyň Täjigistanyň «Hujand» futbol toparyna goşulandygy resmi yglan edildi. Ozal bu barada «Turkmenportal» habar beripdi.


Klubuň metbugat gullugynyň ýaýradan beýannamasynda: «Süleýman, maşgalamyza hoş geldiňiz!» diýlip aýdylýar.


Süleýman Muhadow ― Aşgabadyň «Olimp» sport mekdebiniň uçyrymy. Ol meşhur türkmen hüjümçisi Çaryýar Muhadowyň ogludyr.


29 ýaşly futbolçy Türkmenistanda HTTU, «Altyn asyr» we «Ahal» toparlarynda çykyş etdi. HTTU bilen 2014-nji ýylda AFK-nyň Prezidentiniň kubogyny gazanan Muhadow şol möwsümde bu ýaryşyň iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edildi.


Süleýman Muhadow 2012-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan bäri Türkmenistanyň milli ýygyndysynda hem birnäçe duşuşyk geçirdi. 2019-njy ýylda Täjigistanyň «Istiklolynda» hem gözden geçirilen futbolçy käbir sebäplere görä, karýerasyna dört ýyllyk arakesme bermeli boldy.


Muhadowyň täze topary adybir şäherde 1976-njy ýylda esaslandyryldy. Topar 1992-nji ýyldan bäri arakesmesiz Täjigistanyň çempionatynyň iň ýokary ligasynda çykyş edip gelýär. Ol bäş gezek ― 1998, 2002, 2008, 2017, 2021-nji ýyllarda ýurduň Kubogyna mynasyp boldy.