Arhiw

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ýük daşaýjylary üçin amatly şertleri döretmek maslahatlaşylýar

11:4107.03.2023
0
28832

Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň guramagynda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ýük daşaýjylary üçin amatly şertleri döretmek hem-de awtoulaglaryň sürüjileri üçin wiza düzgünlerini kadalaşdyrmak, şeýle-de konsullyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, iki ýurduň degişli wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki wagtda ikitaraplaýyn ýola goýlan hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri barada belläp geçdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň edaralarynyň wekilleri üstaşyr ýük gatnawlary boýunça özlerini gyzyklandyrýan meseleler barada sowal-jogap alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň