Soňky habarlar

Arhiw

Yslamabatda Arkadag şäheriniň taslamasy tanyşdyryldy

14:5706.03.2023
0
43081
Yslamabatda Arkadag şäheriniň taslamasy tanyşdyryldy
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynyň, «Center of Pakistan and International Relations (COPAIR)» analitik merkeziniň we «Pakistan in the world» habar beriş agentliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — Pakistan gatnaşyklary: bilelikde gelejege tarap» atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow, COPAIR-iň prezidenti hanym Amna Munawwar Awan, COPAIR-iň başlygy ilçi Halid Mehmud, «Pakistan in the world» žurnalynyň redaktory Tazin Ahtar, Bahriýa uniwersitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, işewür-telekeçileriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň we COPAIR-yň wekilleri Türkmenistanyň we Pakistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň taryhy, şol sanda, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň amala aşyran saparlary bilen bagly giňişleýin tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdiler. Türkmen tarapy hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasy işi barada maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Ýygnananlaryň ünsi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi ugrunda alnyp barylýan çärelere hem çekildi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi — Arkadag şäheriniň taslamasy bilen tanyşdyryldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda, Türkmenistan bilen Pakistany däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň birleşdirýändigi bellendi. Syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejede bolmagynyň özi bolsa, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär diýip, çykyş edenler nygtadylar. Ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň, şeýle hem «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan» ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ugry we elektrik geçirijisi ýaly bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Maslahata gatnaşanlar Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatyna, onuň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuna ýokary baha berdiler. Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady mümkinçiliklerini iki ýurduň işewürleriniň özara saparlaryny, duşuşyklaryny we sergilerini geçirmek arkaly giňeldilmeginiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň