Soňky habarlar

Arhiw

«Liwerpul» «Enfildde» «Mançester Ýunaýtedi» 7:0 hasabynda ýeňdi

10:2806.03.2023
0
17717

«Mançester Ýunaýted» APL-iň 25-nji tapgyrynda «Liwerpuldan» taryhy hasap bilen ýeňildi. «Enfild» stadionynda geçirilen duşuşyk «mersisaýdlylaryň» 7:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda Kodi Gakpo (43-nji 50-nji minutlarda), Darwin Nunýes (47, 75), Muhammet Salah (66, 83) dagylar iki, Roberto Firmino bolsa (88) bir gezek tapawutlandy.

Bu ýeňişden soň «Liwerpul» utugyny 42-ä çykaryp, ýaryşyň bäşinji basgançagyndaky ýerini gorady. 49 utukly «Mançester Ýunaýted» bolsa 49 utukda galdy.

Angliýanyň çempionatynda kerweniň başyny 63 utuk bilen «Arsenal» çekýär. Ikinji orundaky «Mançester Sitide» bolsa 58 utuk bar.

«Mançester Ýunaýtediň» taryhynda dördünji gezek 0:7 hasabynda utulandygyny hem aýtmak gerek. Topar mundan öň 1926-njy ýylda «Blekbernden», 1930-njy ýylda «Aston Willadan», 1931-nji ýylda bolsa «Wulwerheptondan» edil şeýle hasap bilen ýeňlipdi.

Duşuşykda iki gezek tapawutlanan Muhammet Salah «Liwerpulyň» düzüminde APL-däki gollarynyň sanyny 129-a çykaryp, ozal Robbi Faulera degişli bolan rekordy täzeledi.

Indi Faulerada 128, Stiwen Jerrardda 120, Maýkl Ouende bolsa 118 gol bar. Görşüňiz ýaly, ilkinji dörtlükde Salahdan başga häzirki düzümdäki bir futbolçy hem ýok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň