Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşykçy telekeçileriň işine nägilelik bildirdi

14:0505.03.2023
0
67119

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabadyň günorta künjegi boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy, şeýle-de birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa ýüzlenip, Aşgabatda şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň depginleriniň pesdigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäherde durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylan gurluşyklaryň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu ugurda ýerine ýetirilýän işlerde ýol berlen kemçiliklere kanun esasynda jogap bermeli boljakdygyny ýatlatdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri wise-premýer B.Annamämmedowa bu ugurda ýerine ýetirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Aşgabat şäheriniň häkiminiň kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hususy gurluşyk kompaniýalarynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramakda olaryň alyp barýan işleriniň ünsden düşürilýändigini aýtdy we häkimiň bu ugurda alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynyň ýanynda gurulýan söwda merkeziniň, şeýle-de şäheriň Magtymguly şaýolunyň ugrunda bina edilýän ýene bir söwda merkeziniň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň