Türkmen agyr atletikaçylary ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna taýýarlanýar

10:5405.03.2023
0
21198

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndysy şu günler Russiýanyň Zelenodolsk şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär. Bu barada Orient habar berdi.

Türkmen ýygyndysy bu ýerde şu ýylyň 25-nji marty ― 1-nji apreli aralygynda Albaniýanyň Durres şäherinde geçiriljek ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna taýýarlyk görer.

Ýygnanyşykda türkmen ýygyndysynyň düzümini dokuz ştangaçy emele getirdi. Oňa Nurbek Azamatow, Perhat Bagtyýarow, Didarbek Jumabaýew, Süleýman Jafarow, Ogulşat Amanowa, Şebnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa girdiler. OTÝ-nyň barşynda topara Gurbandurdy Amanow we Ahmet Saryýew ýolbaşçylyk edýärler.

Nazaryýet okuwlary bilen bir hatarda hünärmenler türgenler üçin amaly sapaklary hem geçirerler.

Bu okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary agyr atletika boýunça öňde duran sport ýaryşlaryna taýýarlyk bolar. OTÝ-ry 25-nji marta çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň