Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşygy bilen tanyşdy

22:0004.03.2023
0
34353

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy, birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de bu ýerde Russiýanyň «Wozroždeniýa» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta künjegine, Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine bardy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Köpetdagyň gerşinden çekilen Saglyk ýolunyň hem-de onuň merkezinde ýerleşen, Döwlet baýdagy parlaýan belent sütüniň ähmiýetini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheriniň häkimine Saglyk ýolunyň Döwlet baýdagynyň sütüni ýerleşen töwereginiň hemişe arassa saklanyp, yzygiderli abadanlaşdyrylmagyna degişli tabşyryklary berdi.

— Medeni-seýilgäh toplumy Magtymguly Pyragynyň özüniň nusgalyk şygryýeti ýaly ajaýyp we gözel bolmalydyr — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi hem-de bu ýere ýygnananlara alnyp barylýan işlerde hut şu ýörelgelerden ugur almak bilen, hususan-da, desgalaryň bezeginde türkmen halkynyň milliligine mahsus özboluşly reňk öwüşginlerini giňden ulanmalydygyny aýtdy.

Şonuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri medeni-seýilgäh toplumynda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly, Magtymguly Pyragynyň tutuş ösen adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirlerini baýyrlaryň ýüzünde lazer şöhlelendirmeleri arkaly ýagtylandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu wezipeleri üstünlikli berjaý etmäge jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň açylyş dabarasynda şu aýratynlyklaryň-da hökman peýdalanylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belläp, açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini aýratyn belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň döredijilik işgärleriniň mesgeni bolup, olaryň ylhamlarynyň galkynmagyna hyzmat etmelidigine ünsi çekip, şundan ugur alnanda, bu ýerde, heýkeliň ýanynda söwda hyzmatlarynyň-da ýola goýulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy we bu ugurda bilelikde işlemegi tabşyrdy.

Soňra Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň bezeg aýratynlyklaryna we yşyklandyryş taýdan özboluşly bolmagyna ýene bir gezek üns çekildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýokary woltly elektrik bekediniň gurulmagy bilen baglanyşykly degişli tabşyryklary berip, onuň guruljak ýerini kesgitlemek, taslamasyny düzmek boýunça işleri ýerine ýetirmek hem-de taslamany amala aşyrjak kompaniýany saýlamak babatda bäsleşik geçirmek barada görkezmeleri berdi.

...Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabadyň günorta künjegine iş saparyny tamamlap, bu ýere ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň