Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işleri güýçlendiriler

22:2103.03.2023
0
45616

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň ýurtda ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet durmuşyna dahylly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi we ýurduň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, garalýan döwürde oba hojalyk toplumynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 103,8 göterime deň boldy.

Şeýle-de hasabatyň çäklerinde degişli döwürde bugdaý ununy öndürmegiň ösüş depgininiň 106,3 göterime, süýt we süýt önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgininiň 113,8 göterime deň bolandygy barada aýdyldy.

Bulardan başga-da, oba hojalyk ekinlerini haşal otlardan we zyýankeşlerden goramak üçin amala aşyrylýan işler barada-da aýdyldy.

Hasabatda ýurduň ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli hem-de rejeli ulanmak maksady bilen ýerine ýetirilýän degişli gidrotehniki işler barada hem habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýer kadastryny döretmek we ýurtda suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýer A.Ýazmyradowa degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň