Gurbanguly Berdimuhamedow Mustafa Şentop bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

16:5903.03.2023
0
41082

Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) Başlygy Mustafa Şentop bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada «Anadolu» habarlar agentligi habar berýär.

Mejlisiň Başlygy Şentop Türkiýäniň 11 welaýatyna täsir eden ýertitremesinden soň Türkmenistanyň beren goldawy üçin, türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de türk halkynyň ýertitremede ejir çekenler üçin Türkmenistan tarapyndan iberilen lukmançylyk toparlaryndan we ynsanperwerlik kömeklerinden kanagatlanýandygyny mälim etdi:

— Bu betbagtçylykdan soň türkmen doganlarymyz bize ýakyndan goldaw-hemaýat berdi. Doganlar iň kyn pursatlarda birek-birege hemişe-de ýakyndan ýardam berýär. Biz doganlyk Türkmenistanyň ýurdumyza beren kömegini minnetdarlyk bilen ýatlarys.

Duşuşykda ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, parlamentara gatnaşyklar, şeýle hem soňky sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda saparda boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň