Türkmen halkynyň Milli Lideri RF-niň Hökümetiniň Başlygyna gutlag iberdi

13:3503.03.2023
0
44475

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Mihail Mişustine doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, Russiýanyň Premýer-ministriniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň, işewürler forumynyň özara bähbitli türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm tapgyra öwrülendigini belledi hem-de hyzmatdaşlygyň dostlugyň we ynanyşmagyň iň gowy däpleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň