Turkmenportal logo
03.03.23
3491534915
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
36 saýlaw okrugynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryny saýlamak üçin hasaba alnan dalaşgärleri barada maglumatlar çap edildi
36 saýlaw okrugynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryny saýlamak üçin hasaba alnan dalaşgärleri barada maglumatlar çap edildi

«Türkmenistan» hem-de «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetleriniň şu günki —3-nji martdaky sanlarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan 36 okrugyny dalaşgärleri baradaky maglumatlar çap edildi.


Dalaşgärler baradaky maglumatlar bilen gazetleriň şu günki sanynda doly tanşyp bilersiňiz. Indiki saýlaw okruglarynyň dalaşgärleri baradaky maglumatlar bilen bolsa gazetleriň indiki sanlarynda tanşyp bilersiňiz.


Türkmenistanda jemi 125 sany saýlaw okrugy hereket edýär.


Belläp geçsek, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriler.