Turkmenportal logo
03.03.23
3219832198
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Bolgariýanyň Prezidentini Azatlyk güni bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Bolgariýanyň Prezidentini Azatlyk güni bilen gutladySurat: trend.az

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Rumen Radewe ýurduň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Bolgariýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.