Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen «DAI Global LLC» özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

16:4602.03.2023
0
40018
«Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen «DAI Global LLC» özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
Surat: newscentralasia.net

2023-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň ulag-logistika kompaniýalaryny birleşdirýän «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Amerikanyň «DAI Global LLC» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, üpjünçilik zynjyrlaryny we halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmekde möhüm bolan häzirki zaman sanly ulgamlary ornaşdyrmak, halkara tejribäni öwrenmek üçin halkara bilermenleriň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny we duşuşyklary guramak, şeýle hem logistika hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak we taýýarlamak boýunça okuw kurslaryny hem-de seminarlary geçirmek Ähtnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

«DAI Global LLC» kompaniýasy Merkezi Aziýada söwda boýunça USAID maksatnamasynyň (Trade Central Asia – TCA) başyny çekýär. Bu maksatnamanyň ugurlarynyň biri ulag we logistika pudaklarynyň ösüşini üpjün etmek, ykdysady ösüşi çaltlaşdyrmak we Merkezi Aziýada ykdysady mümkinçilikleri giňeltmek üçin sebit boýunça söwda gatnaşyklaryny gowulandyrmaklyga gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň