Soňky habarlar

Arhiw

«Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça nyrhlary arzanlatdy

15:4002.03.2023
0
47763

«Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýeti, 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan awtoulaglary daşaýan we ýolagçylary gatnadýan «Berkarar» we «Bagtyýar» paromlarynda Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça awtoulaglar üçin dahylsyz taraplara ýeňillikli nyrhnamalary güýje girer. Bu barada paýdarlar jemgyýetiniň resmi sahypasynda habar berildi.

Bulardan başga-da, 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan gury ýük daşaýan gämilerinde konteýner daşamak boýunça täze nyrhnamasy güýje girer.

Has giňişleýin maglumatlary paýdarlar jemgyýetiniň resmi sahypasynyň «Nyrhnamalar» bölüminden alyp bilersiňiz.

Awtoulag ýolagçy paromlarynyň kuwwaty 200 ýolagçy we 54 ulaga deňdir. Geçen 2022-nji ýylda 22 müňe golaý ulag daşaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň