Turkmenportal logo
02.03.23
4159241592
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwletjan Ýagşymyradow türk aşpezi Nusret Gökjäniň restoranynyň myhmany boldy
Döwletjan Ýagşymyradow türk aşpezi Nusret Gökjäniň restoranynyň myhmany boldy

Garyşyk söweş boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow meşhur türk aşpezi Nusret Gökjäniň Maýamidäki restoranynda myhman boldy. Bu barada Ýagşymyradow jemgyýetçilik torlaryndaky sahypasyndan habar berdi.


Döwletjanyň ýakyn günlerde türgenleşik lagerindäki taýýarlygyny tamamlandygyny habar beripdik. Ol 10-njy mart güni Bellator 292-niň çäginde litwaly Julius Englikas bilen tutluşyk geçirer.


Nusret Gökje ― Türkiýäniň iň meşhur aşpezleriniň biri. Ol 2017-nji ýyldan bäri has meşhurdyr. Häzir onuň Türkiýede we Katarda bir, BAE-de iki, ABŞ-da hem iki restorany bar.