Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişlikleri geçiriler

09:3202.03.2023
0
29132

2023-nji ýylyň 10-njy we 17-nji martynda Mary welaýat adalat bölüminiň, welaýat prokuraturasynyň, welaýat kazyýetiniň jogapkär işgärleriniň we Mary şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň, welaýat häkimliginiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň 2-nji martyndaky sanynda habar berilýär.

Kabul edişlikler 10-njy we 17-nji martda sagat 10:00-dan 13:00-a çenli Mary şäheriniň Gökdepe köçesiniň 4-nji jaýynda ýerleşýän Welaýat adalat bölüminde geçirilýär.

Belläp geçsek, mundan ozal 11-nji martda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda 9:00-dan 12:00-a çenli raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça jemgyýetçilik kabul edişliginiň geçirilýändigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň