Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

14:1801.03.2023
0
34847
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. 28-nji fewralda geçirilen duşuşyga türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, belarus tarapyna bolsa, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary I.Nazaruk ýolbaşçylyk etdiler.

TDIM-niň resmi web-saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň gün tertibiniň çäklerinde taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler. Wekilýetler iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi barada bellenildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada kanagatlanma bilen bellenildi.

Habar berlişi ýaly, gepleşikleriniň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarusyň işewürler toparlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny artdyrmak barada gepleşdiler. Munuň çäklerinde, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim, ylym, sport we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň