Turkmenportal logo
01.03.23
3737537375
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Minnihanowy doglan güni bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Minnihanowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.


Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Tatarystanyň Baştutanyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.