Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygy üçin 258 dalaşgär bäsleşer

21:4328.02.2023
0
17647

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlary boýunça hödürlenen dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy.

«Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, tutuş Türkmenistan boýunça dalaşgärleriň 14872-si hödürlenildi we bellige alyndy. Olardan Mejlisiň deputatlygyna 258 dalaşgär, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna 515 dalaşgär, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň agzalygyna 2001 dalaşgär, şeýle-de Geňeşleriň agzalygyna 12098 dalaşgär bellige alyndy. Olaryň hatarynda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryndan ýokary hünärli işgärler, dürli hünärleriň wekilleri bar.

Ähli saýlaw okruglarynda bir orna 2-3 dalaşgär hödürlenildi. Munuň özi saýlawlary geçirmegiň bäsdeşlik ýörelgesine laýyk gelýär. Saýlawlarda dalaşgärlere deň derejedäki hukuklar we mümkinçilikler berilýär.

Saýlawlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 6241, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 523, Agrar partiýasyndan 3576, şeýle-de raýatlar toparlaryndan 4532 dalaşgärler görkezildi.

Dalaşgärler ýaşaýan ýerlerindäki saýlaw okruglarynda saýlawçylaryň umumy ýygnagynda teklip edildi.

Ýakyn wagtda ýurduň kanun çykaryjy häkimiýet, şeýle-de ýerli öz-özüňi dolandyryş we wekilçilikli häkimiýet edaralarynda dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, syýasy partiýalara, jemgyýetçilik guramalaryna, dalaşgärlere, olaryň ynanylan wekillerine, raýatlaryň teklipçi toparlaryna wagyz-nesihat işlerini erkin alyp barmaga mümkinçilik döredilýär.

Dalaşgärlere köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň şertler kepillendirilýär.

Tutuş ýurt boýunça Mejlisiň deputatlarynyň 125-si saýlanylar. Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň 240-synda, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary 960, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary bolsa 5897 saýlaw okruglarynda geçiriler.

Ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň 2644-si döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň