Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda 1-nji martdan 50 sany täze «Toyota Corolla» taksileri ilata hyzmat edip başlar

22:4428.02.2023
0
37031

Ýakynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky «Ahalawtoulag» önümçilik birleşigine «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulaglaryň 50 sanysy gelip gowuşdy. Bu barada agzalan birleşigiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, täze gelip gowşan 50 sany ýeňil taksi awtoulaglary Ahal welaýatynyň degişli çäginde halka hyzmat eder. Olar şu ýylyň 1-nji martyndan doly güýjünde işe başlap, bellenilen ugurlar boýunça hereketi amala aşyrar.

«Toyota Corolla» Ýaponiýanyň «Toyota» kompaniýasy tarapyndan öndürilýän ykjam awtoulagdyr. Ol 1966-njy ýylda hödürlenip, 1997-nji ýyla çenli taryhda iň köp satylan awtoulaglaryň birine öwrüldi.

2018-nji ýylyň mart aýynda «Toyota Corolla»-nyň on ikinji goýberilişi ilkinji gezek çykdy. Şol «Toyota Corolla» awtoulaglary häzirki wagtda Türkmenistanyň hemme ýerinde taksi parklarynda giňden peýdalanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň