Soňky habarlar

Arhiw

Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

19:3028.02.2023
0
35420
Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy
Surat: state.gov

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde daşary işler ministrleriniň derejesinde «Merkezi Aziýa – ABŞ» duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşdy diýip, state.gov.ua saýty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Raşid Meredow Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ikitaraplaýyn geňeşmeler üçin örän oňat we ýyllaryň synagyndan geçen tejribesiniň bardygyny belläp, döwletara hyzmatdaşlygyň hem-de sebitleýin gün tertibiniň meseleleri boýunça türkmen-amerikan gepleşikleriniň yzygiderli guralmagyna gyzyklanma bildirdi. ABŞ-nyň Döwlet sekretary, öz gezeginde, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen howanyň üýtgemegi, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda bar bolan hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak, sebit we halkara gün tertibiniň käbir meselelerini çözmekde bilelikde iş alyp barmagyň netijeli boljakdygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sowallar boýunça hem pikir alyşdylar.

Wise-premýer R.Meredow Astana duşuşygynyň çäklerinde Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleri bilen hem duşuşyklary geçirdi, şeýle-de «Merkezi Aziýa – ABŞ» görnüşindäki mejlise gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň