Türkmenistanyň 3х3 basketbol boýunça erkekler ýygyndysynyň Aziýanyň kubogyndaky garşydaşlary belli boldy

16:4728.02.2023
0
30744

3×3 basketbol boýunça Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň Aziýanyň kubogyndaky bäsdeşleri belli boldy. Yklym ýaryşy 29-njy martdan 2-nji aprele çenli aralykda Singapurda geçiriler.

Ýaryşa gatnaşmak üçin erkekleriň 24 topary bellige alyndy.

Türkmenistanyň ýygyndysy saýlama tapgyryň «B» toparçasynda Täze Zelandiýa, Koreýa Respublikasy we Tonga Patyşalygy bilen ýaryşar.

Eger türkmen ýygyndysy öz toparçasynda birinji orny eýeläp bilse, indiki toparçalaýyn tapgyra goşular. Olar muny başarsa, Ýaponiýa, Awstraliýa ýaly has güýçli ýygyndylar bilen duşuşarlar.

Türmenistanyň erkekler ýygyndysyna Ýewgeniý Nazipow, Annaguly Hojagulyýew, Merdan Hojamedow we Kerim Mämmetmyradow dagylar wekilçilik edýär. Olara Toýly Baýryýew tälim berýär.

Türkmenistanyň 3х3 basketbol boýunça erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň şu günler Litwada türgenleşýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň