Soňky habarlar

Arhiw

Erkin Taganow BAE-de geçirilen halkara karate ýaryşynda bürünç medal eýeledi

16:4528.02.2023
0
35568

Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň okuwçysy Erkin Taganow Birleşen Arap Emirlikleriniň Fujeýra şäherinde geçirilen «Ýaşlaryň Karate ligasy 1» atly halkara ýaryşyň birinji tapgyrynda bürünç medal gazandy.

Türkmenistanly türgen bu üstünlige karateniň kumite görnüşi boýunça 52 kilograma çenli agram derejesinde ýetdi. Ol eýranly, kuweýtli we BAE-li garşydaşlaryndan üstün çykyp, diňe ýarym finalda belgiýaly türgenden ýeňildi. Erkin Taganow ýaryşyň bürünç medalyny gazagystanly Dinmuhammet Aidarbek bilen paýlaşdy.

Bu agram derejesinde belgiýaly Matt Rombeks birinji orny eýeledi. Özbegistanly Humoýunmirzo Halimow bolsa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Bu agram derejesinde Türkmenistana Dawut Saryýew hem wekilçilik edip, ol umumy hasapda 11-nji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň