Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda saýlawlar boýunça dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy

15:4028.02.2023
0
33327

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlary boýunça hödürlenen dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň saylav.gov.tm web saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, dalaşgärleri bellige almak işleri degişli saýlaw toparlary tarapyndan demokratik ýörelgelere laýyklykda amala aşyryldy. Şeýlelikde, Türkmenistanda saýlaw okruglarynyň jemi 7222-sinde, şol sanda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 125-sinde, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 240-synda, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 960-synda we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 5897-sinde dalaşgärler bäsleşerler. Her bir saýlaw okrugy boýunça iki, käbirlerinde bolsa ondan-da köp dalaşgär bäsleşer.

Bellige alnan dalaşgärlere bellenilen nusgadaky şahsyýetnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, şeýle-de saýlaw möwsüminiň açyklyk, aýanlyk şertlerini üpjün etmek maksady bilen, saýlaw okruglary boýunça bellige alnan dalaşgärler baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna dowamly ýetiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň