Soňky habarlar

Arhiw

Raşid Meredow Gazagystanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

14:1128.02.2023
0
35755
Raşid Meredow Gazagystanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.kz

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň C5+1 görnüşinde geçiriljek ministrler ýygnagynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen gepleşik geçirdi.

Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, taraplar söwda, ulag, logistika we energetika ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen gazanylan şertnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşykda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada hem gikir alşyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Astana duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri bilen hem ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň