Görüp bilmeýän çagalar üçin Türkmenistanda ilkinji okuw gollanmalary we depderler öndürildi

12:0024.11.2022
0
33593

Görüşi pes bolan çagalaryň okap bilim alýan mekdep-internatlary üçin Türkmenistanda ilkinji gezek okuw gollanmalary neşir edildi we ýörite depderler işlenip taýýarlanyldy.

Gollanma ýörite türkmen hünärmenleri tarapyndan görüp bilmeýän we görüşi pes çagalara Braýlyň elipbiýi esasynda okamagy we ýazmagy öwredýän başlangyç synp mugallymlary üçin işlenip düzüldi.
Onda türkmen, rus, iňlis, arap we türk dilleri üçin Braýlyň şriftleriniň elipbiýi bar. Şeýle-de gollanma özünde üç sany — matematika, türkmen dili, aýdym-saz ýaly üç bölümi jemleýär.

Mundan başga-da, görmeýän çagalar üçin Braýlyň elipbiýinde ýazmaga niýetlenen depderçe öndürildi. Depderiň arka ýüzünde türkmen elipbiýi we sanlaryň aňladylyşy, dyngy belgileriniň we esasy matematiki funksiýalaryň belgisi Braýl elipbiýinde çap edilipdir. Depder Braýl elipbiýinde ýazmak üçin döredilen tagta we grifel bilen gelýär.

Bu gollanmalaryň işlenip düzülmegine Türkmenistanda korreksion pedagogika boýunça tejribeli hünärmenler: K. Amanow, G.Muhammedow, A.Moýtyýew, O. Baýowa dagy gatnaşdy. Gollanma Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ulanmak üçin maslahat berilýär.

Braýlyň şrifti (ýa-da elipbiýi) (döredijisi Lui Braýliň adyny göterýär) özboluşly sazlaşyklar we hereketler arkaly elipbiýiň harplaryny hem-de sanlary emele getirýän nokat belgileriniň (öýjükleriň) ulgamydyr. Görmeýänler bu babatda taktil duýgulary arkaly Braýlda ýazylan tekstlerden maglumat alyp bilýärler. Bu şriftdäki ýazgylar Braýl enjamynyň we gurşunyň, şeýle hem Braýl çap maşynynyň kömegi bilen ýazylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň