Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň täze tapgyry iberildi

09:5028.02.2023
0
26253

Şenbe güni Türkmenistanyň paýtagtyndan «Turkish Airlines» yzygiderli gatnawlary arkaly Türkiýede bolan ýertitremesinde ejir çeken sebitlere düşekler iberildi. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral habar berdi.

«Ilçihanamyzyň utgaşdyrylmagy bilen ýertitremesi bolan sebitlere Türkmenistandan ynsanperwerlik kömeklerini ibermegi dowam etdirýäris. Düýn gije [25-nji fewral] «Turkish Airlines»-iň yzygiderli gatnawlary arkaly 130 krowat iberdik.

Gyssagly zerur materiallaryň gerekli ýere eltilmegini üpjün edýäris» diýlip Twitterde ýazyldy.

6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda we Siriýanyň demirgazygynda köp sanly pidalara getiren ýertitremesiniň bolandygyny ýatladýarys. Ýertitremesi Türkiýäniň 10 sebitine täsir etdi. Berilýän habarlara görä, ýertitremeleriniň pidalarynyň sany 44,3 müň adamdan geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň