Soňky habarlar

Arhiw

Argentinanyň tälimçisi «Ýylyň tälimçisi» diýlip yglan edildi

09:3228.02.2023
0
23646

Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Lionel Skaloni FIFA tarapyndan «Ýylyň tälimçisi» diýlip yglan edildi.

Mälim bolşy ýaly, Skaloni geçen ýyl milli ýygyndy bilen dünýäniň çempiony boldy.

Ýylyň tälimçiligine Skaloniden başga-da «Realyň» baş tälimçisi Karlo Ançelotti bilen «Mançester Sitiniň» ussady Hosep Gwardiola dalaşgär görkezildi.

Zenan tälimçileriň arasynda iň gowusy diýlip Angliýanyň ýygyndysynyň niderlandly baş tälimçisi Sarina Wigman yglan edildi.

«The Best FIFA Football Awards» dabarasy 27-nji fewralda Pariž şäherinde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň