Turkmenportal logo
26.02.23
2594625946
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanly pälwan UFC-däki ilkinji tutluşygynda ýeňiş gazandy
Täjigistanly pälwan UFC-däki ilkinji tutluşygynda ýeňiş gazandy

Garyşyk göreşiň täjigistanly wekili Nurullo Aliýew UFC-däki ilkinji tutluşygyny geçirdi. Ol UFC Fight Night 220 gijesinde braziliýaly Rafael Alwesi (20-12) eminleriň gelen karary bilen ýeňdi.


Duşenbe şäherinde doglan pälwan UFC-niň täjigistanly ilkinji wekilidir. Ol gurama bilen geçen ýylyň sentýabr aýynda şertnama baglaşdy.


23 ýaşly Aliýewiň hasabynda MMA-de 10 ýeňiş bar. Ol karýerasyna 2018-nji ýylda gadam goýdy.