«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa täze meýilnama boýunça uçar

11:0026.02.2023
0
60023

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwanyň Domodedowo halkara howa menziline uçuşlaryň tertibini täzeledi. Häzirki wagtda diňe gidiş wagtyna üýtgeşme girizilendir.

2023-nji ýylyň 31-nji martyndan sişenbe güni Aşgabatdan (ASB) Moskwa (DME) ugrajak uçar sişenbe güni 19:15-de («T5703» gatnawy), anna güni bolsa 05:05-de («T5723» gatnawy) asmana galar. Geljek ýarym ýyl üçin bu ýoluň petekleri awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy.

Mart aýynyň ahyryna çenli «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan hepdede iki gezek, şeýle hem sişenbe («T5703» gatnawy, 20:50-de uçuş) we anna günleri («T5709» gatnawy, 06:50 uçuş) uçar.

2023-nji ýylyň mart aýynyň ahyryndan «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Kazan ugrunda hepdede bir gezege çenli uçuş sanyny azaldar. Uçuş diňe çarşenbe güni amala aşyrylar.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdan Stambula (Türkiýe), Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýandygyny bellemelidiris. Aşgabatdan Pekine (HHR) we Londona (Angliýa) yzygiderli gatnawlar mart aýynda gaýtadan ýola goýlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň