Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly dzýudoçylar Polşada türgenleşýärler

09:3625.02.2023
0
22149

Dzýudo boýunça Ýewropa bileleşigi 25 ― 26-njy fewral günlerinde Polşanyň Warşawa şäherinde Ýewropanyň açyk çempionatyny geçirýär.

Bu ýaryşa türkmenistanly dzýudoçylar hem gatnaşýarlar. Ol häzirki wagtda Polşada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýärler.

Ýewropanyň açyk çempionatyna Türkmenistandan 13 türgen gatnaşýar. Has takygy, ýurduň erkek ýygyndysyna Hakberdi Jumaýew, Aýbek Ömirow (60 kilograma çenli agram derejesinde) Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (66 kilogram), Parahat Nazarow, Begenç Soltanow (73 kilogram), Şatlyk Seýitmyradow (81 kilogram), Mämmedaly Açyldyýew (90 kilogram) we Baýmyrat Majanow (100 kilogram), zenanlar ýygyndysyna Aksoltan Hojageldiýewa, Gurbanaý Gurbanowa (48 kilograma çenli), Maýsa Pardaýewa (57 kilograma çenli) we Zülhumar Daşgynowa (63 kilograma çenli) dagylar wekilçilik edýär.

Türkmen türgenleri ýaryşa Gahryman Amandurdyýewiň we Tatýana Widýasowanyň ýolbaşçylygynda gatnaşýarlar.

Ýewropanyň açyk çempionatynda 43 döwletden 429 türgen ýaryşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň