Soňky habarlar

Arhiw

Mart aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?

22:0924.02.2023
0
33611

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, mart aýynyň dowamynda ýurduň täze taryhy eýýamda gazanýan üstünliklerini, 2023-nji ýylyň şygaryny wagyz etmek maksady bilen, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, aýdym-sazly dabaralary we sport çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

1 — 8-nji mart aralygynda ýurtda giňden bellenip geçilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli baýramçylyk çäreleri we dabaralary guralar.

17-18-nji martda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat, 20-nji martda bolsa «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçiriler.

21-22-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda Milli bahar baýramy, Halkara nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow meýilleşdirilýän baýramçylyk dabaralaryny we beýleki medeni çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň