Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines»-iň Mary welaýatynda satuw bölümi açyldy

23:3524.02.2023
0
52273

Mary welaýatynda «Turkish Airlines»-iň resmi satuw bölümi açyldy. Bu barada «Merw News» habar berdi.

Häzirki wagtda Aşgabat halkara howa menzilinden Stambula yzygiderli gatnawlar guralýar. Indi awiakompaniýa sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri Aşgabatdan Stambula uçuşlary amala aşyrýar. 24-nji martdan başlap bolsa uçuşlar her gün amala aşyrylar.

Petekleri satyn almak üçin: Mary ş, Bagtyýarlyk köç, 52 A/2 bina.

Maglumat almak üçin telefon belgisi: +99352270085

«Turkish Airlines»-iň floty häzirki wagtda 300-den gowrak uçary öz içine alýar. Olaryň köpüsi «Airbus» we «Boeing»-iň iň häzirki zaman modelleridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň