Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada Türkmen-ýapon assosiasiýasynyň ýapon böleginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

18:2624.02.2023
0
52123
Ýaponiýada Türkmen-ýapon assosiasiýasynyň ýapon böleginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon assosiasiýasynyň ýapon böleginiň ýolbaşçysy, Tokionyň tehnologiýalar institutynyň hormatly professory H.Koinomanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda ylym, bilim we tehnologiýa ugurlarynda türkmen-ýapon özara hereketleriniň oňyn depgine eýedigi bellenilip geçildi. Taraplar bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen we ýapon ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk oňyn ýola goýlandyr. Ýokary okuw mekdepleriň ugry boýunça gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn pugtalandyrylmagy maksady bilen, taraplar mundan beýläk-de bilelikdäki duşuşyklara we okuw-maslahatlara işjeň gatnaşmak babatda ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň