Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna bije çekildi

16:4324.02.2023
0
46751

Şweýsariýanyň Nýon şäherinde Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyryna bije çekildi. Bijä laýyklykda, bu tapgyrda «Mançester Ýunaýted» «Betis» bilen, «Arsenal» «Sporting» bilen, «Ýuwentus» «Fraýburg» bilen, «Roma» bolsa «Real Sosýedad» bilen güýç synanyşar.

Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň jübütleri:

  • «Union Berlin» (Germaniýa) — «Ýunion» (Belgiýa);
  • «Sewilýa» (Ispaniýa) — «Fenerbahçe» (Türkiýe);
  • «Ýuwentus» (Italiýa) — «Fraýburg» (Germaniýa);
  • «Baýer» (Germaniýa) — «Ferenswaroş» (Wengriýa);
  • «Sporting» (Portugaliýa) — «Arsenal» (Angliýa);
  • «Mançester Ýunaýted» (Angliýa) — «Betis» (Ispaniýa);
  • «Roma» (Italiýa) — «Real Sosýedad» (Ispaniýa);
  • «Şahtýor» (Ukraina) — «Feýenord» (Niderlandlar).

Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň deslapky oýunlary 9-njy martda, jogap duşuşyklary bolsa 16-njy martda oýnalar. Jübütlerde ady ikinji getirilen toparlar jogap oýunlaryny öz öýlerinde geçirerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň