Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi «Habar» Agentliginiň» başlygy bilen metbugat pudagynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

09:2324.02.2023
0
22509

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow «Habar» Agentligi» media-holdinginiň geňeşiniň başlygy Berik Uali bilen habar beriş pudagynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.

Berik Ualiniň özüniň resmi Facebook sahypasynda mälim edişi ýaly, taraplar iki ýurduň teleýaýlymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine, şeýle hem «Habar» Agentligi» paýdarlar jemgyýetiniň žurnalistleriniň Türkmenistanda akkreditasiýa mümkinçiligine garadylar.

Belläp geçsek, «Habar» Agentligi» paýdarlar jemgyýeti Gazagystanyň esasy habar beriş serişdesidir. Ol 1995-nji ýylda döredilip, başda «Milli telewizion habarlar gullugy» diýlip atlandyryldy. Häzirki wagtda ol ýurtdaky iň uly ulgamlaryň biri bolup, her gün gazak, rus we iňlis dillerinde ýaýlyma çykýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň