«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Kazana uçuşlarynyň sanyny azaldar

16:1023.02.2023
0
70093

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň mart aýynyň ahyryndan Aşgabat — Kazan gatnawyny hepdede bir uçuşa çenli azaldar.

Uçuş çarşenbe güni amala aşyrylar. Geljek ýarym ýyl üçin bu gatnawyň petekleri awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda satuwa çykarylandyr.

Onlaýn satyn alynan ýagdaýynda petekleriň bahasy 4886 manatdyr.

Ozal «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Kazan ugry boýunça uçuşlary hepdäniň penşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrýardy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa ugry boýunça adatdaky ýaly hepdede iki gezek uçuşlary amala aşyrar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň