Bahreýn Patyşalygynda saparda bolmagynyň çäklerinde, 22-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Manamadaky «Safiriýýa» köşgüne bardy. Ol ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyny Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa mähirli garşylady.
TDH-nyň habar berşi ýaly, «Safiriýýa» köşgünde geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny hem-de olaryň anyk maksatlara ýetmäge gönükdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidiklerini tassykladylar.
Şeýle-de Türkmenistanda we Bahreýnde köpasyrlyk däplere eýe bolan atçylygy ösdürmek meselesi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa Prezident Serdar Berdimuhamedowy köşgüň çäginde ýerleşen atçylyk sport meýdançasyna çagyrdy. Ol ýerde belent mertebeli myhman üçin bedewleriň görkezilişi guraldy.
Türkmen döwletiniň Baştutany Bahreýniň Patyşasy bilen bilelikde arassa ganly arap bedewleriniň, şeýle-de beýleki tohum atlaryň görkeziliş sergisine syn etdi. Görkezilen tohum atlaryň arasynda meşhur ahalteke bedewleri-de bar.
Bahreýniň atçylyk pudagynyň taryhy Prezident Serdar Berdimuhamedowda uly gyzyklanma döretdi.
Döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işindäki hyzmatlarynyň hem-de gadymdan gelýän atçylyk däplerini ösdürmäge goşan goşandynyň ykrarnamasynyň nyşany hökmünde Prezident Serdar Berdimuhamedowa ajaýyp arap tohum atlarynyň ikisi sowgat berildi.
Türkmen döwletiniň Baştutany Bahreýniň Patyşasyna minnetdarlyk bildirip, bu ulgamda hünärmenleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa mähirli hoşlaşyp, türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Ýeri gelende bellesek, bütin dünýäde meşhur arap atlary IV-VII asyrlarda Arap ýarym adasynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilen atlaryň gadymy tohumydyr. Olar 100 kilometrden gowrak aralyga çapyp bilýändigi hem-de suwsuzlyga çydamlylygy bilen tapawutlanýar.