Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly tennisçiler ― dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň bürünç medalynyň eýesi

08:1023.02.2023
0
20745

Türkmenistanyň tennis boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilen Dünýä çempionatynyň Aziýa-Okeaniýa sebiti boýunça saýlama tapgyryny bürünç medal bilen tamamlady. Ýaryşa sebitden 15 döwletiň wekilleri gatnaşdylar.

Toparçalaýyn tapgyrda türkmenistanly oglanlar üç duşuşygyny hem 3:0 hasabyndaky ýeňiş bilen tamamladylar. Has takygy, olar Makaonyň, Kambojanyň we Saud Arabystanynyň ýygyndylaryny bir döwde-de ýeňşe mümkinçilik bermän utmagy başardylar. Olaryň çärýek finaldaky garşydaşy Nepalyň ýygyndysy boldy. Türkmenistanly tennisçiler bu gezek hem edil şeýle hasap bilen ýeňiş gazandylar. Olar ýarym finalda bolsa Singapuryň ýygyndysyndan asgyn geldiler. Beýleki bir ýarym final duşuşygynda Gyrgyzystan Şri-Lankany ýeňdi.

Türkmenistanly tennisçi gyzlar bolsa toparçalaýyn tapgyrda Makaony 3:0 hasabynda ýeňip, Indoneziýanyň ýygyndysyndan edil şeýle hasapda utulyp, gyrgyz garşydaşlaryndan bolsa 2:1 hasabynda üstün çykyp, ýaryşy pleý-offlarda dowam etdirmäge hukuk gazandylar.

Gyzlaryň arasyndaky ýaryş toparçalaýyn tapgyrdan soň göni ýarym finallar bilen dowam etdi. Türkmenistanly gyzlar bu tapgyrda Malaýziýanyň ýygyndysyndan 1:2 hasabynda asgyn geldi. Beýleki bir ýarym final duşuşygynda bolsa Singapur Indoneziýany ýeňdi.

Ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň düzgünnamasyna görä, ýarym finalda utulan ýygyndylar öz aralarynda üçünji orun ugrunda göreşýärler.

Şol duşuşykda türkmenistanly oglanlar ýer eýeleriniň ― Şri-Lankanyň wekillerini 2:1 hasabynda ýeňip, 15 döwletiň wekilleriniň arasynda ilkinji üçlüge girmegi başardylar. Gyzlar bolsa üçünji orun ugrundaky duşuşykda Indoneziýadan şeýle hasap bilen asgyn geldiler. Oglanlaryň arasynda Singapur, gyzlaryň arasynda bolsa Malaýziýa ýaryşyň çempiony boldy.

Jogapkärli ýaryşa türkmen ýetginjekleriniň oglanlar toparyna ýurduň 1-nji raketkasy Ýuriý Rogusskiý, gyzlara bolsaAndreý Dowmatow tälim berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň hünärmeni Igor Zubkow ýaryşyň eminleriniň arasynda işledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň