Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Natalýa Germany kabul etdi

21:5222.02.2023
0
27706
Gurbanguly Berdimuhamedow Natalýa Germany kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa German türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň hem-de BMG-niň çäklerinde öňe süren, häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarynyň we teklipleriniň uly goldawa eýe bolandygyny belledi. Şeýle-de ol Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bilen bagly başlangyjyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini nygtap, dünýäniň strategik taýdan möhüm sebitleriniň birinde özara gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny döretmek işiniň başyny başlandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işiniň orny barada pikir alşylyp, türkmen döwletiniň, hususan-da, Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça BMG-niň dürli ýyllarda kabul eden Kararnamalarynyň ähmiýeti, Türkmenistanyň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň berkidilmegine ägirt uly goşant goşýandygy hakynda bellenildi.

Natalýa German döwrüň wehimlerine bilelikde garşy durmakda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny jemlemäge gönükdirilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini utgaşdyrmakdaky şahsy goşandy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň BMG we onuň düzümleri bilen dünýäde durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine ýola goýlan köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de netijeli dowam etdiriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň