Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly dzýudoçylar Daşkent şäherinde geçiriljek Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşarlar

21:5922.02.2023
0
24120

Türkmen türgenleri Halkara dzýudo federasiýasy tarapyndan Daşkent şäherinde geçiriljek Uly tuwulga ýaryşynda hasaba alyndylar.

48 döwletden erkek türgenleriň 164-siniň, zenanlaryň bolsa 146-synyň gatnaşjak halkara ýaryşyna Türkmenistan 14 türgen bilen wekilçilik eder. Bu ýaryş dzýudoçylar üçin Pariž ― 2024 Olimpiýa oýunlary üçin saýlama tapgyrlaryň ýene-de birine öwrüler.

Ýaryşyň baýrak gaznasy 154 müň ýewro ýetýär.

Daşkentdäki ýaryşda türkmen ýygyndysyna erkeklerden Aýbek Omirow, Hakberdi Jumaýew (ikisi hem 60 kilograma çenli agram derejesinde), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (66 kilograma çenli agram derejesinde), Parahat Nazarow, Begenç Soltanow (73 kilograma çenli), Şatlyk Seýitmyradow, Mämmedaly Açyldyýew (81 kilograma çenli) we Baýmyrat Majanow (100 kilograma çenli) dagylar wekilçilik eder.

Ýurduň zenanlar ýygyndysynda bolsa Aksoltan Hojageldiýewa, Gurbanaý Gurbanowa (48 kilogram), Saýýara Rozyýewa (52 kilogram), Maýsa Pardaýewa (57 kilogram) we Zülhumar Daşgynowa (63 kilogram) dagylar bar.

Ýaryş 3 ― 5-nji mart aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň