«Leýpsig» ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň deslapky oýnunda «Mançester Sitini» kabul eder. Oýun «RB Arena» stadionynda geçiriler.
Aşgabat wagty bilen 23-nji fewralda sagat 00:45-de başlanýan bu oýun Türkmenistanyň çäginde «Matç TV» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetiriler.
Bu toparlar bassyr ikinji möwsümde ÝÇL-de ýüzbe-ýüz bolýarlar. Geçen möwsümde toparçalaýyn tapgyrda gabatlaşan bu klublaryň arasyndaky Mançesterdäki oýunda ýer eýeleri 6:3 hasabynda ýeňiş gazanypdylar. Emma altynjy tapgyrda «Leýpsig» 2:1 hasabynda «Mançester Sitiden» üstün çykypdy.
UEFA-nyň bilermenleriniň pikirine görä, soňky wagtlarda «Leýpsigiň» hüjümdäki hereketleri ugruna däl. Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, hüjümçiler Nkunkunyň we Dani Olmonyň şikes almaklary bilen delillendirilýär.
Ýöne muňa garamazdan, APL-yň çempionynyň öňünde hem ýeňil bolmadyk wezipe dur. Ozalky netijelere ser salsak, «Mançester Siti» üçin Germaniýadaky oýunlaryň aňsat geçmändigine göz ýetireris.
«Mançester Sitiniň» halypasy Pep Gwardiola oýun barada şeýle diýdi: «Garşydaşyň nemes we Ýewropa futbolyndaky gazananlary hormata mynasyp. Bu özboluşly pelsepä eýe bolan ýaş topar. Olar özleriniň nähili hereket etmelidiklerini oňat bilýärler».
Ýeri gelende bellesek, bu klublaryň arasyndaky jogap duşuşygy 14-nji martda Angliýada geçiriler.