Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, diplomat duşuşykda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we giň gerimli özgertmeler ýolunda üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki döwrüň ählumumy meselelerinde esasy orny eýeleýän BMG-niň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda Merkeziň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça işiniň üstünlikli dowam edendigi, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi hem-de sebitde anyk maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça işleriň depgininiň güýçlendirilendigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy we netijeli işi üçin Natalýa Germana minnetdarlyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, ony BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň ýerine ýetiriji direktoratynyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de bu jogapkärli wezipede oňa täze üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň BMG bilen dürli ugurlar boýunça alyp barýan netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, türkmen döwletiniň başlangyjy boýunça bu iri halkara guramanyň kabul eden Kararnamalary, şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işiniň aýratynlyklary we ähmiýeti barada pikir alşyldy.
Duşuşykda häzirki wagtda Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy durmak boýunça bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasynyň 4-nji tapgyrynyň durmuşa geçirilýändigi barada hem bellenildi.
Türkmen döwletiniň Baştutany köptaraplaýyn öňüni alyş diplomatiýasynyň «Öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy» başlangyjy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy ýaly mehanizmleriniň döredilendigini we üstünlikli işleýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmak, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly ugurlarda Merkeziň işiniň mundan beýläk-de möhüm orun eýelejekdigine ynam bildirip, türkmen tarapynyň mundan beýläk-de tutuş dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine BMG bilen bilelikdäki işe üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili hyzmatdaşlygyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň sebit merkeziniň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, däp bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.