Soňky habarlar

Arhiw

Bukmekerler «Aýntraht» ― «Napoli» duşuşygynyň gollara baý boljakdygyna ynanýarlar

11:3321.02.2023
0
20111

22-nji fewrala geçilýän gije Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Aýntraht» bilen «Napoli» güýç synanyşar.

Duşuşyk Frankfurt şäherindäki «Doýçe Bank Park» stadionynda geçiriler. Türkmenistanda bu duşuşyga «Futbol 1» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bolar. Emin Artur Soareşiň jürlewük çaljak duşuşygy Aşgabat wagty bilen 00:45-de başlanar.

«Çempionatyň» ýazmagyna görä, bukmekerler bu duşuşygyň gollara baý boljakdygyna ynanýarlar. Has güýçli tarap hökmünde «Napoli» görünýär. Neapol şäheriniň topary soňky bäş duşuşykda garşydaş derwezelere 12 pökgi geçirip, öz derwezesinde bary-ýogy 1 pökgi gördüler.

«Aýntraht» bu möwsümde durnukly ýaryşmakda kynçylyk çekýär. Oliwer Glasneriň şägirtleri häzirki wagtda Germaniýanyň çempionatynyň altynjy basgançagynda. Ýöne olar öňdebaryjy «Bawariýadan» bary-ýogy 5 utuk yzda.

Ýeri gelende bellesek, «Aýntraht» bilen «Napoli» taryhynda bir gezek hem duşuşyp görmediler.

Çempionlar ligasynyň şu möwsüminiň finaly 10-njy iýun güni Stambul şäherindäki «Atatürk» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň